-
Hawa
-
1) Hasap açsaňyz, ösüş taryhy bilen birlikde ösüş maglumatyna eýe bolarsyňyz.
2) Kiçijik haýyr-sahawat edip, mahabatsyz öwrenip bilersiňiz.
-
Kiçijik haýyr-sahawat edeniňizden soňra mahabatlary hasabyňyzdan aýyrarys. Sabyrly bolmagyňyzy haýyş edýäris, sebäbi bu el işidir.
-
Kömek edip bilersiňiz — 1) nämäni halaýandygyňyz we halamýandygyňyz barada teswir ýazmak
2) öwreniş tejribesini nädip gowulandyrmak barada pikirlerinizi ýazmak (we başga zatlar hem, elbetde)
3) dostlaryňyza biziň barada aýtmak (sosial ulgamlarda saýtymyzy paýlaşmak, https://www.facebook.com/TouchTypingStudy sahypasynda bize goşulmak)
-
Barmaklarňyzy seretmezden ýazmagy gowy öwrenmek üçin gerek bolan wagt özüňize bagly. Yzygiderli türgenleşmek möhümdir. Gowy netije üçin her gün azyndan bir sapak geçirmegiňizi maslahat berýäris.
Ähli harplaryň nirede durýandygyny bilmek, çalt ýazmaga taýýardygyny aňlatmaýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Barmaklaryňyz her belli düwmäniň nirede durandygyny düwmeler barada pikir etmezden ýa-da klaviaturana seretmezden ýazyp bilmek üçin zerur hereket şekillerini, ýagny her düwmäniň ýerini “myşsa hereket ýady” diýlip atlandyrylýan täsiri döretmeli. Awtomatik hereketler diňe köp gaýtalanmak bilen ösdürilýär. Ýatda saklaň — diňe türgenleşik kämillige eltýär — başga zat däl!
-
SDM ölçemek üçin programma bir minutda näçe söz ýazandygyňyzy hasaplaýar: 1 söz = boşluk we dyngy belgilerini goşmak bilen 5 nyşana deňdir.
-
Tehniki tarapdan diňe Internet birikmesi gerek. Şeýle-de bolsa, barmaklarňyzy seretmezden ýazmak endikleriňizi gowulandyrmak üçin höwes we işlemäge taýýarlyk hem gerek.
-
Ýazmagy başlaňyzdan ozal Caps Lock düwmesiniň açyk däldigine göz ýetiriň. Caps Lock açyk bolanda programma Shift düwmesine we degişli harpa bir wagtda basmagyňyzy haýyş edýär.
-
Duýup Ýazmak Öwrenmek barmaklarňyzy seretmezden ýazmak endiklerini ösdürmek isleýän her bir kişi üçin niýetlenendir. Barmaklarňyzy seretmezden ýazmak — dogry düwmeleri tapmak üçin klaviaturana seretmezden ýazmaga mümkinçilik berýän endikdir.
-
Hawa, Duýup Ýazmak Öwrenmek disleksiyaly adamlar üçin hem laýykdyr. Barmaklarňyzy seretmezden ýazmak endikleri bolan disleksiyaly adam, bu endigi bolmadykdan has amatly ýagdaýdadyr. (Käbir disleksiyaly adamlar el ýazgysyndaky tekst bilen kynçylyk çekýändigi sebäpli, maşynda ýazylan tekst olara hem tizlik, hem okamak taýdan uly peýda getirýär.) We elbetde, teksti kompýuterde bolmagy gaty kömek edýär, sebäbi şonda ýazuw barlamasyny edip bolýar!